Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetini kabul etdi

  • 08.04.2025 10:54
  • 12k+

7-nji aprelde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine gelen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Bilelikdäki duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Täjigistanyň parlament ýolbaşçylary  gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly salamlaryny we özbek halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyň, ylalaşygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwrülendigi bellenildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň we dürli derejedäki beýleki duşuşyklaryň, çäreleriň sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýändigi nygtaldy. 
Şeýle hem iki ýurdy we halky has ýakynlaşdyrmagyň, bilelikdäki başlangyçlary we hyzmatdaşlyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, sebitara we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda parlament derejesinde gepleşikleri güýçlendirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmen tarapy türkmen we özbek halklaryny gadymyýetden gelýän  taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. 


düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......