ABŞ-da ganda eräp gidýän iň kiçi kardiostimulýator döredildi

  • 07.04.2025 18:18
  • 6.1k+

Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň (ABŞ) inženerleri hirurgiki usulda aýrylmagyny talap etmeýän kindiwanja kardiostimulýatory döretdiler. Ol bedende doly eräp gidýär.

Enjamyň ölçegleri bary-ýogy ini 1,8mm, uzynlygy 3,5 mm we galyňlygy 1mm. Ol şprisiň uçjagazyna ýerleşdirilýär we inwaziw däl görnüşde goýberilýär. Kardiostimulýator ýüregi wagtlaýyn goldamak üçin niýetlenendir, esasanam täze doglan dogabitdi ýürek ýetmezçilikli çagalaryň ýüregi operasiýadan soňky ilkinji günlerde möhüm goldawy talap edýär.
Kardiostimulýatoryň möhüm aýratynlygy elektrik üpjünçiliginiň we dolandyryş ulgamlarynyň esasy gurluşyň daşynda ýerleşmegidir, bu bolsa enjamyň agramyny ep-esli azaldýar. Güýç oturdylan galwaniki elementden gelýär: biosuwuklyklaryň  barlygynda hereket edýän iki dürli metal, ýüregi herekete getirmek üçin elektrik toguny döredýän kiçi batareýany emele getirýär.
Kiçijik enjam infragyzyl ýagtylyk bilen işjeňleşdirilýär. Döşe berkidilýän goşmaça dakylýan enjam ýürek urgusyna gözegçilik edýär. Ýürek urgusy kadadan pes bolsa, datçikleri enjamy işe girizýän swetodiody ýakýar. Bu sime bolan zerurlygy aradan aýyrýar.

"Biz ýagtylyk arkaly dolandyryş zynjyryny döretdik, bu bolsa enjamyň ölçegini ep-esli kiçeltmäge mümkinçilik berdi" -diýip, professor Jon A. Rojers gürrüň berdi.

Birnäçe gün işländen soň enjam ganda doly eräp gidýär, bu bolsa hassany gaýtadan  operasiýa bolmakdan halas edýär.

"Biziň esasy maksadymyz çagalara kömek etmekdir. Körpeje hassalaryň köpüsi üçin wagtlaýyn gyjyndyrma möhümdir we biziň kindiwanja enjamymyz goşmaça töwekgelçiliksiz zerur goldawy berýär "- diýip, ýürek lukmany Igor Ýefimow belledi.

Täze enjam ýürek keselini, nerwleri we süňkleri bejermekde, ýaralary bitirmekde we agyrylary aýyrmakda mundan beýläk ulanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.


düýn 16:10
3k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.9k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
970

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....