Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 07.04.2025 10:53
  • 3.4k+

Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň hem-de Senatynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň Parlamentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy N.Ismoilow bilen duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Özbegistan Respublikasynyň bu teklipleri goldandyklary we awtordaş bolup çykyş edendikleri üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de Özbegistanyň Parlament wekiliýetini 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyryldy.

Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewa bilen duşuşykda iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etdirilmeginde parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtalyp geçildi.  Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmegi goldadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler. 


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......