Tailand 1-nji maýdan syýahatçylar üçin ýörite onlaýn sowalnama girizýär

  • 06.04.2025 23:54
  • 4.5k+

1-nji maýdan başlap, Tailandyň polisiýasynyň immigrasiýa býurosy daşary ýurtly syýahatçylary ýurda gelmezlerinden ozal, bildiriş üçin onlaýn tertipdäki formany doldurmaga borçly eder. Bu barada edaranyň resmi web saýtynda habar berildi.

Tailandyň Immigrasiýa býurosy syýahatçylaryň ýurda girişini ýeňilleşdirmek maksady bilen, Tailanda baranlygyň hakda sanly karty (Thailand Digital Arrival Card) işläp taýýarlady. Habarda bellenilmegine görä, Tailand Patyşalygyna gelýän ähli daşary ýurt raýatlar ýurduň çägine girmezlerinden ozal, TDAC formasyny onlaýn tertipde doldurmalydyrlar.
Formany tdac.immigration.go.th web salgysy arkaly saparyňa üç gün galanda doldurmaly. Formany doldurmak üçin pasportyňyz ýa-da ýol biletiňiz, şeýle hem uçuş baradaky maglumatlaryňyz, gelýän senäňiz we ýaşajak ýeriňiz baradaky maglumatlary gerek bolar. Şeýle-de adyňyzy, doglan senäňizi we raýatlygyňyzy hem görkezmeli.
Şahsy maglumatlaryňyz doldurylandan soň, immigrasiýa býurosy size elektron poçta arkaly hat ugradar we bu haty ýurda geleniňizde görkezmeli bolar. Polisiýanyň bellemegine görä, TDAC formasyny doldurmak hökmanydyr – bu forma bolmasa, immigrasiýa işgärleri syýahatçynyň ýurda girişini resmileşdirip bilmeýärler.


düýn 21:38
5.1k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

düýn 12:02
5.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......