Birbada 48 suraty seljerýär, 200 dilde gürleýär we GPT-4o-dan üstün: «Llama 4» tanyşdyryldy

  • 06.04.2025 22:12
  • 2.3k+

Meta täze nesil Llama 4 emeli aň modellerini hödürledi. Bu modeller bir wagtda teksti, suraty we wideony işläp bilýär. Esasy iki model, ýagny Llama 4 Scout we Maverick eýýäm llama.com web sahypasynda hem-de Hugging Face-de elýeterli, ýakyn günlerde bolsa WhatsApp, Messenger we Instagram ýaly Meta hyzmatlarynda hem elýeterli bolar diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär.

Bu modelleriň öňkülerden tapawudy – tekst bilen suraty aýratyn däl-de, şol bir wagtda işläp, öwrenip bilýär. Bu adamlaryň maglumatlary öwreniş usulyna meňzeýär.
Llama 4 Scout (109 mlrd parametrden 17 mlrd işjeň) bir gezekde 48 suraty seljerip bilýär we diňe bir Nvidia H100 wideokartasynda işleýär. Şonuň üçin ol Google Gemma 3-den hem örän çalt. Şeýle hem bu model 10 mln tokenlik konteksti işläp bilýär – bu 20 sagatlyk wideo ýa-da 5000 sahypalyk tekst diýmegi aňladýar.
Llama 4 Maverick (400 mlrd parametrden 17 mlrd işjeň) 2 trln parametrli uly modeliň serwerler üçin ýöriteleşdirilen ýeňil görnüşidir. Bu model hem 10 mln tokenlik konteksti işläp bilýär. Ol logiki meseleleri çözüp, kod ýazyp bilýär. GPT-4.5-iň derejesinde netijeleri hödürleýär. Uly serwerlerde ýokary netijelilik bilen işleýär.


Iki model hem 30 trln token bilen türgenleşdirilen we 200 dili öz içine alýar. Şol dilleriň 100-si üçin, hersi boýunça azyndan 1 mlrd mysal toplandy.
Howpsuzlyk üçin Llama Guard we Prompt Guard ýaly gorag ulgamlary girizildi. Çekişmeli temalara jogap bermekdäki ret ediş derejesi 7%-den 2%-e düşürildi.
Şeýle-de Meta 29-njy aprelde täze logiki pikirleniş ukyby bolan emeli aň modelini tanyşdyrjakdygyny aýtdy. Llama 4 arkaly ozal diňe uly serwerlerde ýerine ýetirmesi mümkin bolan işler, indi kiçi ulgamlarda hem amala aşyrylyp bilner.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......