“Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri sylaglanyldy

  • 06.04.2025 12:20
  • 7.3k+

3-nji aprelde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylary, şeýle hem robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry 12-13-nji martda geçirildi. Bäsleşikler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda geçirilip, olara jemi 811 okuwçy gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 34 okuwçy I orna, 68 okuwçy II orna, 134 okuwçy III orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere 
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Ders bäsleşiklerine gatnaşan okuwçylary ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat eminler toparlary adalatly bahalandyrdy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......