Gaý Riçi UFC-niň öňki söweşijisi barada “Ýoldaky jaý” filminiň dowamyny düşürer

  • 06.04.2025 12:49
  • 6.4k+

Gaý Riçi Amazon üçin “Ýoldaky jaý” (Дом у дороги) filminiň dowamyny düşürer. UFC-niň öňki söweşijisi Elwud Daltonyň keşbini ýene-de Jeýk Jillenhol ýerine ýetirer diýip, World of Reel habar berýär.

Taslamanyň sýužeti we ssenariçiniň ady häzirlikçe aýdylmaýar.
Soňky dört ýylda Riçi bäş film düşürmäge ýetişdi. Ol 2025-nji ýylda birbada üç film çykarmagy meýilleşdirýär: “Baky juwanlygyň gözbaşy” (Источник вечной молодости), “Aýal we it” (Жена и собака) we “In the Grey” (В сером). Şeýle-de, ýakynda Paramount+ platformasynda onuň “Gangsterlend” serialy çykdy.
Ilkinji “Ýoldaky jaý” filmi geçen ýylyň 21-nji martynda çykdy we Amazon-yň hiti boldy. Onda antagonistiň keşbini irlandiýaly söweşiji, iki agram kategoriýasynda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor ýerine ýetirdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bütin dünýäde filme 100 mln töweregi adam tomaşa etdi.
Film ýaşamak üçin serişdesi galmadyk UFC-niň öňki söweşijisi Elwud Dalton barada gürrüň berýär. Ony Florida-Kisdäki restorana işe alýarlar. Gahryman baýkerler bilen jenaýatçylaryň arasyndaky gapma-garşylyga girýär. Režissýor hökmünde “Geljegiň çeti” filmi bilen tanalýan Dag Laýman çykyş etdi.
Film 1989-njy ýyldaky režissýor Roudi Herringtonyň baş keşpde Patrik Sueýzi bilen adybir filminiň remeýki boldy.


düýn 23:54
554

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....