Microsoft dünýäde ilkinji bulut kompýuteri bolan Windows 365 Link-i 350 dollardan satuwa çykardy

  • 05.04.2025 21:07
  • 2.1k+

Geçen ýylyň ahyrynda tanyşdyrylan Windows 365 Link ykjam kompýuteri satuwa çykaryldy. ABŞ-da enjamyň bahasy 349,99 dollar diýlip kesgitlenildi. Microsoft ony ilkinji şahsy bulut kompýuteri hökmünde hödürleýär. Bu barada Windows-yň resmi blogunda habar berilýär.

Windows 365 Link-iň düzüminde 3,8 GGs-e çenli ýygylykda işleýän dört ýadroly Intel N250 prosessory, 8 GB LPDDR5 operatiw ýat (RAM) we 64 GB UFS içerki ýat bar. Enjam Wi-Fi 6E we Bluetooth 5.3 tehnologiýalaryny goldaýar. Daşky portlaryň toplumy bir sany USB-A 3.2 Gen1, iki sany USB-A 3.2 Gen2, bir USB-C 3.2, LAN, HDMI 2.0 we DisplayPort 1.4 girişlerinden ybarat. Enjamyň ölçegleri 120 × 120 × 30 mm.


Windows 365 Link-i diňe Microsoft-yň täjirçilik kanallary arkaly satyn alyp bolýar. Bu enjam adaty ulanyjylar üçin niýetlenmänsoň, dükanlarda satylmaýar. Öndürijiniň pikirine görä, onuň esasy alyjylary täjirçilik kompaniýalary we döwlet edaralary bolar. Windows 365 Link ýerli programmalar bilen işleşmegi goldamaýar, diňe Windows 365-e esaslanýan bulut kompýuterine birikdirilende işleýär.
Bulut arkaly işleýän şeýle enjamlaryň birnäçe artykmaçlygy bar. Mysal üçin, olar adaty ofis kompýuterleri bilen deňeşdirilende has ýokary howpsuzlygy we öndürijiligi hödürleýär. Bu kompýuterlerde maglumatlar içerki ýatda saklanmaýar, üstesine-de bulut kompýuterini islendik wagt has güýçli prosessor, köp operatiw ýat ýa-da giň göwrümli saklaýyş ulgamy bilen sazlap bolýar.
Windows 365 Link häzirlikçe şu ýurtlarda satylýar: ABŞ (349,99 dollar), Awstraliýa (639 Awstraliýa dollary), Kanada (519,99 Kanada dollary), Germaniýa (419 ýewro), Ýaponiýa (68 müň ýena), Täze Zelandiýa (739 Täze Zelandiýa dollary) we Beýik Britaniýa (349 funt sterling).


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...