Alymlar ýer gabygynyň jikme-jik kompýuter modelini döretdiler

  • 05.04.2025 18:05
  • 4.1k+

Awstraliýanyň we Ýewropanyň geohimikleri Ýeriň başdaky gabygynyň düzümi boýunça häzirki zaman litosferasyna meňzeş bolandygyny anykladylar. Bu açyş tektoniki plitalar peýda bolandan soň ýeriň astynda ep-esli üýtgeşmeleriň bolandygy baradaky nazary pikirlere ters gelýär diýip, Markuori uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

"Uzak wagtlap alymlar häzirki zaman ýer gabygynyň häsiýetli himiki we izotop aýratynlyklary tektoniki plitalar emele gelip, Ýeriň üstüniň we astynyň arasynda jynslaryň aýlawy başlandan soň peýda bolupdyr diýip hasaplaýardylar. Biz bu alamatlar toplumynyň planetanyň başdaky gabygy üçin hem häsiýetli bolandygyny, munuň ähli bar bolan nazary pikirleri şübhe astynda goýýandygyny görkezdik” – diýip, barlagyň awtorlaryndan biri professor Saýmon Terner mälim etdi.

Soňky ýyllarda Kanadada, Awstraliýada we Braziliýada Ýer dörän dessine emele gelen iň gadymy jynslar ýüze çykaryldy. Olaryň düzüminde niobiý we tantal az. Bu elementleriň mukdary tektonikanyň döremegi bilen azalýar. Bu litosfera plitalary planeta dörän badyna peýda bolupdyr diýip çaklamaga sebäp berdi. Emma bu çaklamanyň gönüden-göni subutnamasy ýokdy.
Bu meseläni anyklamak üçin alymlar irki Ýeriň ýer gabygynyň himiki we izotop düzümini göz öňünde tutýan jikme-jik kompýuter modelini döretdiler. Hasaplamalar onuň arheý eýýamynyň gadymy jynslaryna däl-de, häzirki zaman yklym jynslaryna meňzeşdigini görkezdi.
Barlagçylar planetanyň adaty himiki düzüminiň litosfera plitalary we jynslaryň aýlawy peýda bolandan soň düýpli üýtgeşmä sezewar bolmandyr diýip hasaplaýarlar.
Bu ýer astynda tektoniki prosesleriň ir başlandygynyň köp subutnamalaryny şübhe astynda goýýar we planetanyň başdaky gabygynda suwuň uly mukdarynyň bolandygyny görkezýär diýip, geohimikler netije çykarýarlar.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 10:55
1.6k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......