Paleontologlar ýantaryň içinden 99 million ýaşly doňup galan ary görnüşini tapdylar

  • 05.04.2025 12:59
  • 5.9k+

Paleontologlar 99 million ýyl ozal ýaşap geçen parazitoid arylaryň galyndylarynyň ýitip giden görnüşini tapdylar. Sirenobethylus charybdis diýlip atlandyrylýan bu ary, takmynan, 99 million ýyl töweregi mundan ozalky orta hek döwrüniň ýantarynyň  içinde örän oňat ýagdaýda saklanyp galypdyr.

Ýantar Mýanmanyň demirgazygyndaky Kaçin ştatyndan, Hytaý bilen serhetleşýän ýerden tapyldy diýip, Sci.News habar berýär.
Alymlar BMC Biology žurnalynda çap edilen makalada bu görnüşiň on alty sany urkaçysyny suratlandyrdylar. Olar arylaryň parazitoidlerdigine ynanýarlar: liçinkalary eýesiniň bedeninde ýaşap, ahyrynda ony öldüripdirler. Yzky ganatdaky üýtgeşik çylgym nagyşlar Sirenobethylus charybdis-iň aýratyn maşgala Sirenobethylidae-e degişlidigini görkezýär.
Bu arylaryň aýratynlygy - mör-möjek iýýän guşlaryňky deý art garynjyklarynyň bolmagy.
Şeýle hem, barlagçylar Sirenobethylus charybdis-iň koinobiontdygyny anykladylar. Bu parazitiň eýesini öldürmezden ozal iýmitlenmek arkaly ösmegine ýol açandygyny aňladýar. Şeýle parazitoidleriň häzirki garyndaşlaryna Chrysidoidea maşgalasyndan bolan ikatýok-arylar we betilid-arylar girýär.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......