Tesla-nyň Berlindäki gigafabriginde 500 müňünji Model Y öndürildi

  • 04.04.2025 16:58
  • 5k+

Tesla-nyň Giga Berlin-Brandenburg zawodynda 500 müňünji Model Y krossoweri öndürildi. Bu barada Ilon Maskyň kompaniýasy öz sosial torundaky sahypasynda habar berdi we bu waka bagyşlanyp geçirilen dabaradan bir surat paýlaşdy.

Zawod 2022-nji ýylyň 22-nji martynda açylypdy. 500 müňünji Model Y-ni öndürmek üçin zawoda 1100 günden gowrak wagt gerek boldy. Giga Berlin önümçilik tizligi boýunça Tesla-nyň Hytaýdaky Giga Shanghai zawodyna garanyňda haýal.
Häzirki wagtda zawodda diňe Model Y öndürilýär. Bu model Ýewropanyň iň meşhur elektrikli awtoulaglarynyň biri, şeýle-de şäheriň içindäki elektrokarlaryň arasynda lider. Zawodyň ýolbaşçysy Andre Tierigiň aýtmagyna görä, bu zawodda öndürilýän awtoulaglar diňe bir Germaniýa däl, eýsem başga-da 37 ýurda eksport edilýär.
2025-nji ýylyň täze awtoulaglaryna bolan islegiň ýokarlanmagy bilen, Tesla Berlindäki gigafabrigiň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.


düýn 19:02
892

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

düýn 14:52
1.4k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

10.05.2026 21:39
3.4k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....