Janly öýjükler maglumatlary öň çaklanylandan milliardlarça esse çalt işleýär

  • 04.04.2025 16:17
  • 1.9k+

Waşington şäherindäki (ABŞ) Goward uniwersitetiniň Kwant biologiýa laboratoriýasynyň müdiri, fizik-teoretik Filip Kurian janly organizmleriň maglumatlary öň çaklanylandan milliardlarça esse çalt işleýändigini anyklady. Bu barada «Science» žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Täze ylmy gözleg öýjükleriň içindäki beloklaryň kwant ýokary şöhle ýaýradyş (quantum superradiance) täsirinden peýdalanýandygyny görkezýär. Bu täsir olara sekuntda 1012-1013 gezek iş geçirmäge mümkinçilik berýär. Deňeşdirsek, adaty biohimiki prosesler, meselem, ion akymlary, sekuntda iň ýokary 103 gezek iş geçirip bilýär.
Bu prosesde esasy rol triptofan aminokislotasyna degişli. Ol ultramelewşe şöhläni siňdirýär we ony başga tolkun uzynlygynda gaýtadan şöhlelendirýär. Mikroturbajyklar ýa-da amiloid fibriller ýaly gurluşlaryň içindäki triptofan molekulalary bilelikde işläp, kwant täsirlerini döredýärler.

«Biz janly organizmleriň hasaplaýyş ukyplaryny diňe klassyky prosesleri göz öňünde tutup, aşa pes çaklapdyk» — diýip, Kurian aýtdy.

Onuň belläp geçmegine görä, bu kwant täsirleri adaty otag temperaturasynda işleýär. Emeli kwant kompýuterleriniň gaty güýçli sowadyş talap edýändigini göz öňünde tutsak, janly ulgamlaryň öz kwant proseslerini daşky zyýanlardan gorap bilýänligi uly tapawut bolup durýar.
Kurian şeýle-de Ýeriň taryhyndaky ähli janly organizmleriň umumy hasaplaýyş kuwwatyny synlanýan Älemiň kuwwaty bilen deňeşdirip boljakdygyny öňe sürýär. Bu «uglerod hasaplamalarynda» esasan bakteriýalar, kömelekler we ösümlikler uly rol oýnaýar, sebäbi olar haýwanlardan has uzak wagt bäri ýaşap gelýärler.

«Fizikanyň kanunlary emeli aň we kwant kompýuterlerini çäklendirýär, emma biz Älemiň düzümini öwrenip, onuň taryhyna öz goşandymyzy goşup bileris» — diýip, Kurian nygtady.

Bu açyş alymlaryň, şol sanda Massaçusets tehnologiýa institutynyň professory Set Lloýdyň ünsüni özüne çekdi. Ol kwant hasaplamalarynyň öňbaşçylaryndan biri hasaplanylýar.

«Janly ulgamlaryň ýerine ýetirýän hasaplamalary, emeli ulgamlaryňkydan has güýçlüdir» — diýip, ol belledi.

Bu gözleg biologiýa, lukmançylyk, astrobiologiýa we adaty temperaturada işleýän kwant tehnologiýalaryň ösüşine uly täsir edip biler.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......