Almatyda "ESE ASIA-2025" II Halkara ulag forumy geçiriler

  • 04.04.2025 11:52
  • 1.5k+

2025-nji ýylyň 21–23-nji apreli aralygynda Almaty şäherinde (Gazagystan) "ESE ASIA-2025" II Halkara ulag forumy geçiriler. Çärä Ýewraziýa ýurtlarynyň işewürleriniň, döwlet düzümleriniň we logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. Forum Almatydaky "RIXOS" myhmanhanasynda geçiriler.

Forumyň guramaçylary – Ýeke-täk Ekspeditorlar Jemgyýeti (ESE) we Merkezi Aziýanyň Logistika we Ulag boýunça Patyşalyk Instituty (CILT Central Asia).
Foruma döwlet edaralarynyň, işewürligiň, ekspeditorlyk we ulag kompaniýalarynyň wekilleri ýygnanar. Olar Uly Ýewraziýanyň ulag integrasiýasy bilen bagly häzirki meseleleri, ýörelgeleri we geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň maksatnamasy:

  • 21-nji aprel – Merkezi Aziýanyň iň iri ulag-logistika terminallarynyň birine, Atasu Trans kompaniýasynyň terminalyna meýletin gezelenç;
  • 22-nji aprel – Umumy mejlisler, konteýner bazarynyň liderleri bilen dialoglar, tejribe sessiýalary we amaly maslahatlar. Gün "Qazyna grand ballroom" restoranynda geçiriljek resmi agşamlyk bilen tamamlanar;
  • 23-nji aprel – Forumyň meýletin bölümi "Nurtau" golf klubunda, Swiss Hotel Alatau meýdançasynda geçiriler.

Şeýle hem, 24–25-nji aprelde PTC Holding kompaniýasynyň goldawy bilen "Dostyk — Alaşankou" Gazagystan-Hytaý serhedine iş sapary meýilleşdirilýär. Ýerler çäkli bolup, öňünden ýazylmak zerur.
Foruma Hytaýdan, Russiýadan, BAE-den, Ýewropadan, Hindistandan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan kompaniýalaryň wekilleri gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.
Çakylyklaryň arasynda demir ýol we gümrük pudagynyň hünärmenleri, şeýle hem DP World Central Asia, "OTLK ERA", CRCT, KTZ Express, PTC Holding, Atasu Trans, "Istkomtrans", "GK Delo", FESCO, "FININVEST" we beýleki iri ulag-logistika kompaniýalarynyň ýokary derejeli menejerleri bar.
Mundan başga-da, maksatnama B2B we B2G görnüşindäki işewür duşuşyklaryny, sebitdäki ulag-logistika terminallaryna gezelençleri hem-de resmi däl golf oýunlaryny öz içine alýar.
Ýörite şertlerde irki bronlamaklyk 7-nji aprele çenli elýeterlidir.


26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

16.05.2026 09:58
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

11.05.2026 15:51
6.2k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 09:48
5.5k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....