Neuralink-iň ilkinji hassasy kellesindäki çip bilen bir ýyl gezdi, ýaramaz täsirler heniz ýok

  • 03.04.2025 20:51
  • 5.9k+

Neuralink implantatyny alan ilkinji hassa Noland Arbo beýnisine oturdylan çip bilen ýaşan bir ýylynyň netijeleri bilen paýlaşdy. Ol fiziki ýa-da psihiki ýaramaz täsirleriň ýokdugyny belledi. Bu barada ol X sosial ulgamynda ýazdy diýip, PCMag habar berýär.

Bir ýyl synagyň dowamynda implantat öz howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny görkezdi. Gurluş Arbo ýaly ysmaz adamlara eliň kömegi bolmazdan kompýuter bilen işlemäge kömek edýär. Ol kursory pikiriň güýji bilen geçirmegi, ýaryş we strategiýa oýunlaryny oýnamagy öwrendi. Öň ol agzyň kömegi bilen dolandyrylýan joýstigi ulanmaly bolýardy.
Şeýle-de bolsa, kynçylyklar hem bar. Beýnidäki inçe zondlar dokumanyň hereketi sebäpli ýerini üýtgedip bilýär. Arbo-da zondlaryň 85%-i gurnama zolagyndan çykdy. Ol gurluşyň kalibrlemesini gowulandyrmak üçin Neuralink topary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär.
Hassa netijelerden kanagatlanýar. Ol pikiriň güýji bilen maýyplaryň arabasyny dolandyrmagy arzuw edýär we gündelik işler üçin robotlaşdyrylan eli soraýar. Bu heniz bitirilmedi, ýöne Neuralink kämilleşdirmeleriň üstünde işleýär. Kompaniýa implantaty köp sanly adamlar üçin elýeterli etmek isleýär. Bir ýyl ulanylyş tehnologiýanyň hereketini ýitiren adamlar üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny görkezdi.


düýn 23:26
1.5k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....