Xiaomi bütin dünýäde 80 dollardan Redmi A5 smartfonyny satuwa çykarýar

  • 03.04.2025 20:59
  • 5.2k+

Xiaomi arzan Resmi A5 smartfonyny dünýä bazaryna resmi taýdan çykardy. Onuň bahasy bary-ýogy $79 bolup, eýýäm birnäçe sebitde satylýar diýip, Gizmochina habar berýär.

Smartfon 120 Gs täzelenme ýygylygy we 450 nite çenli ýagtylyk bilen 6,88 dýuýmlyk HD+ displeýine eýe boldy. Öndürijilik üçin UNISOC T7250 prosessory, 4 GB operatiw ýat LPDDR4X we 128 GB içki saklaýjy eMMC 5.1 jogap berýär.
Smartfon USB Type-C arkaly 15 Wt zarýad berşi goldaýan 5200 mA/sag sygymly akkumulýatory aldy. Esasy kamera – 32 Mp, frontal – 8 Mp.
Şeýle-de, barmak yzynyň skaneri, emeli aňyň esasynda ýüz boýunça gulpdan açmak, iki SIM-kart goldawy we microSD üçin slot bar. Gurluş Android 15 GO Edition bilen işleýär we Bluetooth 5.2, iki diapazonly Wi-Fi ulgamlaryny goldaýar. 


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...