Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy

  • 03.04.2025 03:09
  • 4.6k+

2-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygyna, şeýle hem Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşyp, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribä eýedir. 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Bu giň möçberli çäre ýurdumyzda sporty ösdürmäge, Aziýa sebitinde sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga itergi berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwrebap sport infrastrukturasyny döretmek, türgenler üçin amatly şertleri üpjün etmek, halkara ýaryşlary geçirmek ýurdumyzyň sport syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Diýarymyzda birnäçe sport federasiýalary hereket edip, sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek üçin zerur tagallalar edilýär.
Milli Liderimiz şu gezekki duşuşygyň sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakda we Olimpiýa hereketiniň ösüşine goşant goşmakda möhüm ädim boljakdygyny belläp, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidentiniň ýurdumyza şu saparynyň sport ulgamyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň sporty ösdürmekde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, ýurdumyzyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, katar tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy we bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanä minnetdarlyk bildirdi.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....