Serdar Berdimuhamedow üç aýyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 02.04.2025 23:46
  • 16k+

2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow kadalaşdyryjy–hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda polisiýanyň   podpolkownigi W.Ataýewi içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä polisiýanyň  podpolkownigi Ö.Kakalyýewi bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew döwletimiziň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzda durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew gullugy ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada aýtdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.


şu gün 07:42
409

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......