Forbes sanawynda iň ýaş milliarder – 19 ýaşynda, iň ýaşuly – 103 ýaşynda

  • 02.04.2025 23:54
  • 13k+

Forbes žurnaly tarapyndan düzülen dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde iň ýaş milliarder 19 ýaşly Ýohannes fon Baumbahdyr. Ol dünýäde iň uly kompaniýalaryň biri bolan Germaniýanyň Boehringer Ingelheim farmasewtika kompaniýasynyň mirasdüşerleriniň biri.

“Dünýä ilatynyň ýarysyna golaýy 30 ýaşdan kiçi. Ýöne şolaryň diňe 21 sanysy milliarder” – diýip, neşir belleýär.

Awtorlar baýlyk toplamak üçin, adatça, ençeme ýylyň – hatda tutuş ömrüň gerekdigini belleýär.

“Sanlaryň özündenem görnüp dur: dünýädäki milliarderleriň tas dörtden üç bölegi 50 ýaşdan 79 ýaş aralygynda. Diňe 12%-i 50 ýaşdan kiçi. Ýöne 30 ýaşa çenli milliarder derejesine ýetmegi başarýanlar seýrek duşýar; şu ýyl Forbes sanawynda şeýle barly ýaşlar 21 sany. Şolaryň diňe ikisinden galany öz baýlygyny miras aldy. Bu dünýäde iň ýaş milliardere, Ýohannes fon Baumbaha hem degişlidir” – diýip, Forbes ýazýar.

Ol we ýene üç mirasdüşer – 23, 25 we 27 ýaş – derman öndüriji kompaniýadaky paýynyň netijesinde 5,4 mlrd dollar möçberde baýlyga eýeçilik edýär.
Ýaş milliarderleriň aglabasy (15) Ýewropadan. Olar, esasan, Germaniýada köp: dört fon Baumbah, şeýle-de mirasdüşerler Sofi Luiz Filmann (30 ýaş; äýnek öndürijiler), Kewin Dawid Lemann (22 ýaş; dermanhanalar ulgamynyň eýeleri) we Maksim Tebar (23 ýaş; byçgy öndürijisi). Soňra Italiýa gelýär, bu ýerde üç dogan Del Wekkio EssilorLuxottica äýnek imperiýasyndan paý miras aldy. Şu ýyl olaryň baýlygy 2024-nji ýylda girdeji güýçli ýokarlanandan soň kompaniýanyň paýnamalarynyň gymmatlamagy netijesinde 40%, 6,6 mlrd dollara çenli artdy.


Forbes-iň sanawynda iň ýaşuly milliarder bolsa Mercury General ätiýaçlandyryş kompaniýasyny esaslandyryjy, 103 ýaşly amerikaly Jorj Jozefdir.
2025-nji ýylda žurnalyň sanawyna 3 028 adam, şol sanda 406 zenan girdi. 3 müň milliarderiň umumy baýlygy rekord 16,1 trln dollara ýetdi.


13.01.2026 13:28
8.2k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

21.12.2025 20:28
11k+

Trillionam uzakda däl: Ilon Maskyň baýlygy 5 günde ýene 100 mlrd dollardan gowrak artyp, 750 mlrd-a golaýlady

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy taryhda 700 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, telekeçiniň umumy baýlygy iň ýokary derejesinde 749 mlrd dollara ýetdi...

16.12.2025 19:42
9.9k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

09.12.2025 21:31
12k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy...