Magtymguly adyndaky TDU-da medeni mirasy öwrenmeklige bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

  • 02.04.2025 18:07
  • 2.6k+

2025-nji ýylyň 17-18-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni mirasy öwrenmekde we goramakda halkara parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň orny» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Maslahaty uniwersitetiň ÝUNESKO kafedrasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 18-nji aprel – Bütindünýä mirasynyň halkara güni mynasybetli geçirýär.
Foruma Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň professor-mugallymlaryň, alymlaryň, ylmy işgärleriň, aspirantlaryň we doktorantlaryň, ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň, ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahat umumy mejlisde we 4 bölümde öz işini alyp barar:

  • I  bölüm: Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýady.
  • II  bölüm: Türkmenistan – ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramak boýunça tagallalar.     
  • III bölüm: Medeni mirasy öwrenmegiň ylmy ugurlary. 
  • IV bölüm: Türkmen halkynyň we dünýä halklarynyň maddy-ruhy medeniýeti: täze barlaglar we seljermeler.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini), annotasiýalary we hasaba alyş kagyzyny 2025-nji ýylyň 7-nji apreline çenli tsu.unescochair@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.
Maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysy taýýarlanylar.
Ulgama baglanmak üçin salgy goşmaça iberiler.
Goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynyň “ÝUNESKO – 2025” bölüminde ýerleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin:       
Telefon: (+99312) 94-58-49; (+99312) 39-86-62; (+99312) 94-67-98; (+99365) 64-93-62
Elektron salgysy: tsu.unescochair@gmail.com


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......