Haýyr-sahawat gaznanyň hasabyna çagalaryň ýene-de bir toparyna saglygy dikeldiş işleri geçirildi

  • 02.04.2025 11:52
  • 6.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýaşajyk türkmenistanlylaryň birnäçesine saglygy dikeldiş, bejeriş işleri geçirildi.

“Türkmenistan” gazetinde habar berlişi ýaly, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 13 ýaşly ýaşaýjysy, daýanç-hereket ulgamynyň keselinden dogabitdi ejir çekýän Mähriban Hallyýewa ortopediki-hirurgik operasiýa ýerine ýetirildi. Şeýle görnüşli bejergi «akylly» şäheriň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Ahal welaýatynyň 5 ýaşlyja ýaşaýjysy Süleýmangeldi Hudaýberdiýewe hem berildi.
Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Ahal welaýatynyň 13 ýaşly ýaşaýjysy, daýanç-hereket ulgamynyň keselinden dogabitdi ejir çekýän Dawutmyrat Halykmyradow ortopediki-hirurgik operasiýa edildi. Kelle-beýniniň dogabitdi kemisligi, oklýuzion gidrosefaliýa kesel kesgitlemesi bolan, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy, 7 aýlyjak Alymät Geldimedowa neýrohirurgik operasiýa ýerine ýetirildi. Şeýle hem bu ýerde Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy, 1 ýaş 3 aýlyjak Öwez Azadow hirurgik operasiýa edildi.
Ahal welaýatynyň köpugurly hassahanasynda göbek ingisi kesel kesgitlemesi bolan, welaýatyň 3 ýaşly ýaşaýjysy Döwletmyrat Döwletmyradowa hirurgik operasiýa geçirildi. Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde 15 ýaşly Maksat Maşaripowa neýrohirurgik operasiýa hem-de 9 ýaşly Şazada Guladowa hirurgik operasiýa ýerine ýetirildi.
Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde welaýatyň sag tarap gasyk ingisi bolan ýaşaýjylary — 5 ýaşly Medet Kojaşewe hem-de 9 ýaşly Eldar Dädebaýewe hirurgik operasiýalar edildi. Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde gasyk ingisi bolan, welaýatyň 11 ýaşly ýaşaýjysy Kerwen Ahmedowa hirurgiki operasiýa, şeýle hem sag taraplaýyn kriptorhizm kesel kesgitlemesi bolan, Lebap welaýatynyň 10 ýaşly ýaşaýjysy Nuraly Derýaýewe hirurgik operasiýa geçirildi.
Mary welaýat çagalar hassahanasynda hem sag tarap gasyk ingisi bolan 7 ýaşly Orazsähet Poladowa, sag taraplaýyn gidrosele keseli bolan 6 ýaşly Bezirgen Begençmyradowa, dowamly gipertrofik follkulýar tonzillit kesel kesgitlemesi bolan 7 ýaşly Şirin Şöhradowa hirurgik operasiýalar ýerine ýetirildi. Bejergileri alan çagalaryň ählisiniň saglyk derejeleri kanagatlanarly ýagdaýdadyr.
Gaznanyň serişdeleriniň hasabyndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň saglygy goraýyş merkezlerine, hassahanalaryna sowgat berlen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlaryny ulanmak arkaly bejergi alan çagajyklaryň ene-atalary öz perzentleriniň saglyklaryny bejerdip, olaryň sagdyn durmuşda ýaşamaklary ugrunda edýän yzygiderli aladalary üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......