Zak Snaýder Dana Uaýt bilen UFC-niň söweşijisi barada film düşürer

  • 02.04.2025 09:48
  • 2.7k+

Zak Snaýder UFC-de üstünlik gazanmaga çalyşýan los-anjelesli söweşiji barada “Brawler” atly filmini düşürer. Variety neşiriniň habar bermegine görä, Snaýder diňe bir režissýor däl, eýsem ssenariniň awtory we prodýuser bolup çykyş eder.

Filmi düşürmek işlerine UFC-niň prezidenti Dana Uaýt, şeýle-de Saud Arabystanynyň Esasy dynç alyş edarasynyň başlygy we “The Ring” boks žurnalynyň eýesi Turki Al aş-Şeýh hem gatnaşar.
Uaýt Snaýder bilen Al aş-Şeýhiň bu taslama üçin bir umumy garaýşynyň bardygyny belledi.

“Olaryň ikisi-de bu taslama bilen gyzyklanýar we muşdaklara adamyň nädip UFC-niň çempiony bolup bilýändigini görkezmek isleýär. Bu örän batyrgaý taslama we men onuň durmuşa geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, UFC-niň ýolbaşçysy aýtdy.

Snaýderiň özi UFC bilen hyzmatdaşlygyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

“Her bir beýik söweşijiniň aňyrsynda bir waka bar. UFC – sportuň söweş görnüşleriniň dünýäsinde lider we men bu ajaýyp wakany gürrüň bermek üçin kömek etmäge şat” – diýip, režissýor aýtdy.

Zak Snaýderiň filmografiýasynda “Merhumlaryň örmegi” (Рассвет мертвецов), “300 spartaly” (300 спартанцев), “Polat adam” (Человек из стали), “Adalat ligasy” (Лига справедливости) ýaly meşhur filmler bar.


düýn 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....