Redmi 13x tanyşdyryldy – Helio G91 Ultra çibi we täzelenen dizaýn

  • 02.04.2025 09:23
  • 3.1k+

Xiaomi Wýetnamda Redmi 13x smartfonyny tanyşdyrdy. Täze model täzelenen dizaýn bilen gelýär, ýöne onuň häsiýetnamalary geçen ýylky Redmi 13 4G-niňki bilen birmeňzeş. Bu barada «GSMArena» habar berýär.

Smartfon 6,79 dýuýmlyk IPS displeý bilen enjamlaşdyrylan. Onuň durulygy FHD+ (1080 × 2460), täzeleniş ýygylygy 90 Gs, iň ýokary ýagtylygy bolsa 550 kd/m² çenli. Enjam 2,0 GGs-e çenli tizligi bilen sekiz ýadroly MediaTek Helio G91 Ultra prosessorynyň we Mali-G52 MC2 grafiki prosessorynyň esasynda işleýär.
Operatiw ýady – 6 ýa-da 8 GB, içerki ýady bolsa – 128 GB.
Esasy kamerasy 108 MP (f/1.8) bolup, 2 MP makro moduly (f/2.4) hem bar. Öňdäki kamerasy bolsa – 13 MP (f/2.5).
Enjam 5030 mA·sag sygymly batareýa we 33 Wt tiz zarýad beriş tehnologiýasy bilen üpjün edilen. Şeýle hem gapdal tarapynda barmak yzy skaneri we 3,5 mm ses girişi bar.
Smartfon IP53 gorag standartyna laýyklykda, tozana we çyglylyga garşy çydamly. Ol Android 14 esasly HyperOS interfeýsinde işleýär.
Redmi 13x eýýäm satuwa çykdy. 6/128 GB wersiýasynyň bahasy, takmynan, 168 dollar. 8/128 GB wersiýasynyňky bolsa – 183 dollar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...