ABŞ-da alymlaryň işleriniň maliýeleşdirilmesi 60% azaldyldy

  • 01.04.2025 23:05
  • 2.8k+

«Washington Post» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň Milli saglygy goraýyş institutlary (NIH) geçen ýyl mart aýynyň ahyryna çenli täze taslamalara 1,027 milliard dollar, köne taslamalaryň dowam etdirilmegi üçin bolsa 4,5 milliard dollar bölüp berdi. Emma 2025-nji ýylda bu sanlar, degişlilikde 400 million we 2 milliard dollar boldy. Bu bolsa maliýe serişdeleriniň, takmynan, 60% az bölünip berilmegini aňladýar.

Donald Tramp ABŞ-da häkimiýet başyna gelensoň, NIH täze grantlaryň (kömek pullary) berilmegini togtatdy we öňki grantlary kemeltdi. Bu ýagdaý rak, süýjüli diabet, Altsgeýmer keseli, sanjymlar we psihiki saglyk bilen bagly geçirilýän ylmy-barlaglara agyr zarba urdy. Alymlar maliýe serişdeleri bolmasa, işlerini dowam etdirip bilmejekdiklerini, munuň hem öz gezeginde täze dermanlaryň we ylmy açyşlaryň gijikmegine sebäp boljakdygyny aýdýarlar.
Bilermenler bu ýagdaý sebäpli, ýaş alymlaryň ylmy gözleglerden ýüz öwürmeginden alada edýärler.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.9k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......