Alymlar gözüň torly perdesinden täze sütün öýjüklerini tapdylar. Olar göreji dikeldip biler

  • 01.04.2025 12:30
  • 5k+

Ylmy barlagçylar adamda gözüň torly perdesiniň (setçatka) sütün öýjükleriniň ozal belli bolmadyk toplumyny ýüze çykardylar. Bu öýjükler körlüge sebäp bolýan keselleriň täzeçe bejergileri üçin esas bolup biler.

Torly perde ýagtylygy beýni üçin signallara öwürýär. Ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeler, süýji keseli we şikesler sebäpli onuň zaýalanmagy körlügiň esasy sebäbidir. Bu faktorlar sary tegmiliň degenerasiýasy we pigmentli retinit ýaly giň ýaýran göz kesellerine sebäp bolup biler.
Alymlar munuň çözgüdini zeper ýeten öýjükleri belli bir şertlerde bedende islendik görnüşe öwrülip bilýän sütün öýjükleri bilen çalyşmagyň mümkindiginde görýärler. Alymlar torly perdäniň dokumasyny dikeltmek üçin amatly öýjükleri köpden bäri gözleýärdiler.
Topar täze barlagda düwünçegiň torly perdäniň nusgalaryny gözden geçirdi we iki görnüşi kesgitledi: adamyň gözüniň torly perdesiniň nerw dokumasynyň sütün öýjükleri (hNRSCs) we onuň pigment epitelisiniň (RPE) sütün öýjükleri. Iki görnüş hem özlerini klonlap bilýär, ýöne diňe hNRSC-ler belli bir şertlerde görejiň beýleki öýjüklerine öwrülmäge ukyply.
Barlaghanada ösdürilip ýetişdirilen şuňa meňzeş öýjükler - organoidler - eýýäm syçanlara göçürilip synag edilip görüldi, bu olaryň görüşlerini gowulaşdyrdy. Olar torly perde bilen üstünlikli birleşdiler we 24 hepdäniň dowamynda, ýagny tutuş synagyň dowamynda täsiri sakladylar.
Hünärmenler öz netijelerini Science Translational Medicine žurnalynda paýlaşdylar. Indi usulyň adamlardaky täsirini tassyklamak üçin goşmaça barlaglary geçirmeli.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......