Windowsda mawy «ölüm ekrany» ýaşyl bolar we gamgyn smaýlik aýrylar

  • 01.04.2025 09:28
  • 2.9k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11-de «ölüm ekranynyň» (BSoD) reňkini üýtgetmegi meýilleşdirýär. 24H2 täzelenmesiniň synag wersiýasynda ol ýaşyl reňkde boldy.

Täze dizaýnda gamgyn smaýlik we QR-kod aýryldy. Indi ekranda diňe ýerine ýetiriş göterimi we şu habar görkezilýär: «Enjamyňyzda näsazlyk ýüze çykdy we täzeden başlatmak zerur».
«Windows Latest» neşiriniň habaryna görä, Microsoft gara reňkli görnüşi hem synagdan geçirdi, ýöne Windows Täzelenmeler merkeziniň ekrany bilen birmeňzeşdigi sebäpli, ol şowsuz boldy.

Işläp düzüjileriň pikirine görä, täze dizaýn kompaniýanyň ýörelgelerine has laýyk gelýär we ulanyjylaryň tizräk öz işlerine dolanmagyna ýardam berer.
Mawy «ölüm ekrany» ilkinji gezek 1990-njy ýylda Windows 3.0-da peýda bolupdy we şondan bäri tas hiç hili üýtgemedi. Ol Windows 7, Vista we beýleki Windows wersiýalarynda ýüze çykýardy.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...