NASA atmosferadaky täsirini öwrenmek üçin demirgazyk şöhlelerine raketa uçurdy

  • 01.04.2025 09:16
  • 2.2k+

NASA Alýaskanyň (ABŞ) «Poker Flat» synag poligonyndan demirgazyk şöhlelerine tarap iki sany raketa uçurdy. Maksat – tebigy hadysanyň Ýeriň atmosferasyna edýän täsirini öwrenmek diýip, «Forbes» neşiri habar berýär.

Synag Auroral Waves Excited by Substorm Onset Magnetic Events (AWESOME) taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Alymlar magnit hadysalarynyň Ýeriň termosferasyna edýän täsirini öwrenmek isleýärler. Termosfera – Ýeriň atmosferasynyň iň ýokarky gatlagydyr, ol 80-560 kilometr beýiklikde ýerleşýär. Bu synaglar alymlara kosmiki howany has takyk çaklamaga ýardam berer.
Daň atmazdan ozal, raketalar asmanda gök öwüsýän yşyklary we ak reňkli yzlary galdyrdy. Olara Alýaskanyň demirgazyk we merkezi sebitlerinden syn edildi.

Meýilnama görä, üç raketa üç sagat aratapawut bilen uçurylmalydy. Ýöne Malemute atly üçünji raketanyň hereketlendirijisinde näsazlyk ýüze çykdy. Şol sebäpli, ol uçurylman galdy. Ilki bilen Terrier-Improved Malemute raketasy uçuryldy. Ol mart aýynyň 25-ne, sagat 04:30-da asmana göterildi. Bu raketanyň wezipesi – magnit hadysalaryny we basyşyň tapawutlaryny ölçeýän enjamlary 80-180 kilometr beýiklikde termosfera goýbermekdi. Onuň yzýany bilen, 15 minutdan soň, Black Brant XII raketasy uçuryldy. Ol dürli beýikliklerde reňkli maddalary sepdi, bu bolsa alymlara howanyň akymlarynyň dinamikasyny yzarlamaga mümkinçilik berdi.
Alýaskanyň Ferbenks uniwersitetiniň talyplary we alymlary bu synagy ýerüsti stansiýalardan synladylar. Olar maglumatlary Utkiagwik, Kaktowik we Iglu şäherlerinden ýygnadylar.
AWESOME synagynyň netijeleri Gün tupanlarynyň we magnit hadysalarynyň emeli hemralara we energiýa ulgamlaryna edýän täsirini öňünden çaklamaga kömek eder.
Indiki raketa uçurylyşlary Günüň işjeňliginiň has güýçli döwürlerinde amala aşyrylar.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....