Baş keşpde Di Kaprio bilen “Bir söweşden soň beýleki” filminiň treýleri hödürlendi

  • 31.03.2025 08:41
  • 3.3k+

Baş keşbi Leonardo Di Kaprionyň ýerine ýetirmeginde “Bir söweşden soň beýleki” (Одна битва за другой) filminiň resmi treýleri çykdy.

Bu Warner Bros. üçin režissýor Pol Tomas Anderson (“Nebit”, “Halypa”,  “Hyýaly sapak”) tarapyndan düşürilen gara komediýadyr.
Treýler aktýoryň başga hiç hili wideo bolmadyk resmi YouTube kanalynda hem peýda boldy.
Film Andersonyň iň gymmat işi bolup, 140 mln dollara düşdi.
Di Kaprio üçin bu režissýor bilen ilkinji hyzmatdaşlykdyr. Onuň bilen bilelikde filme Benisio Del Toro, Şon Penn, Rejina Holl, Teýana Teýlor, Alana Haim, Wud Harris, Şeýna MakHeýl we Çeýz Infiniti gatnaşdy.
Ilkinji tizer çykmazdan öň sýužet barada giňişleýin maglumatlar we filmiň doly ady gizlin saklandy. Onuň diňe amerikaly ýazyjy Tomas Pinçonyň “Waýnlend” (1990) romanyna esaslanjakdygy mälimdi.
Treýler Di Kaprionyň öz gyzyny halas etmekçi bolýan rewolýusioner Bob Fergýuseni oýnaýandygyny görkezýär. Sahnalaryň birinde ol halatda we şapkada taksofon ulanýar, ýöne kod sözüni ýatdan çykarýar. Del Toro onuň gorkmazlygy öwredýän halypasyny oýnady. 


düýn 23:58
797

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
9.8k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....