ESA “Gaýýa” teleskopynyň missiýasyny tamamlady. Apparat taşlandylar orbitasyna iberildi

  • 31.03.2025 08:06
  • 2.2k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) “Gaýýa” kosmos teleskopynyň öz missiýasyny tamamlandygyny habar berdi. 2013-nji ýylda uçurylan apparat öçürildi we taşlandylar ugradylýan orbita iberildi.

“Gaýýa” teleskopy 11 ýyldan gowrak barlaglardan soň, öz işini tamamlady. ESA bu missiýany 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda tamamlamagy karar etdi, çünki apparatyň kosmosda ugur almagy üçin zerur bolan azot ätiýaçlygy gutardy diýen ýaly.
Öçürilmezden ozal, teleskop Ýerden soňky buýrugy alyp, geljekki missiýalara päsgel bermezlik üçin, Ýer-Gün ulgamynyň Lagrange L2 nokadynyň çäginden çykyp Günüň töweregindäki zibil ugradylýan orbita iberildi. 27-nji martda Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da operatorlar aragatnaşyk ulgamlaryny we esasy kompýuteri öçürmek üçin ahyrky buýruklary iberdiler.

Gaýýa 2013-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Fransiýanyň Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan “Soýuz-ST-B” raketasynda uçurylypdy. Onuň missiýasy ilkibaşda bäş ýyla meýilleşdirilipdi, emma ol 11 ýyldanam gowrak işledi. Teleskop Akmaýanyň ýolunyň jikme-jik kartasyny döredip, iki milliarddan gowrak ýyldyzyň ýerleşişini we traýektoriýalaryny ýazga aldy.
Onuň işiniň soňky netijeleri 2030-njy ýyla çenli çap ediler.



düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......