Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Oraza baýramy bilen gutlady

  • 30.03.2025 12:15
  • 8.2k+

Prezident  Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ynsanperwerligi we haýyr-sahawaty, päk ýürekliligi, ahlak tämizligini dabaralandyrýan Oraza baýramy mynasybetli gutlady.

"Mukaddes Oraza baýramy ynsanperwerligi we hoşniýetliligi ündeýän, döwürleriň we halklaryň arabaglanyşygyny, ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelýän dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Bu ajaýyp baýramyň gadymy köklerinde we ýörelgelerinde, many-mazmunynda ynsanyýetiň medeni-ruhy ösüşine ummasyz goşant goşan türkmen halkynyň ynanç-adatlary, däp-dessurlary hem-de köpöwüşginli medeni gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Adamzadyň belent parahatçylyk we ynanyşmak däplerini dabaralandyrýan, dostlugy, özara düşünişmegi berkidýän baýram hökmünde hem Oraza baýramynyň gymmaty barha ýokarlanýar" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

"Biz kalbyny we bedenini tämiz saklan, ýüregi hem-de bütin durky bilen halallyga, päklige, dogruçyllyga, tagat-ybadata uýan ata-babalarymyzyň baý durmuş mekdebine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň we asudalygyň gadyryny bilmegi, ähli gymmatlyklarymyzyň seresi bolan Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy berkitmegi hem-de watansöýüjiligi ündeýän taglymatlaryna eýerip, gurmaga we döretmäge bolan yhlasymyz, gaýratly zähmetimiz bilen agzybirlikde ösüşli ýollary geçýäris, beýik geljegimize, täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýarys, milli döwletlilik ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýäris" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

"Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edilen tagat-ybadatlar, okalan tarawa namazlary, berlen agzaçar sadakalary, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagynyň hatyrasyna edilen alkyş-dilegler Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!" diýip, Serdar Berdimuhamedow gutlagyny jemleýär.

 


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......