Günde güýçli X derejeli alawlama bolup geçdi: ol 41 minut dowam etdi

  • 29.03.2025 13:21
  • 6.7k+

28-nji martda Günde güýçli X derejeli alawlama bolup geçdi. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.

X1.1 derejeli alawlama hünärmenler tarapyndan Aşgabat wagty bilen 20:20-de rentgen diapazonynda (N05E81) hasaba alyndy, onuň dowamlylygy 41 minut boldy.
Soňky gezek şeýle güýçli alawlama (X2.0) 23-nji fewralda hasaba alnypdy.

“Gözegçiliklere görä, alawlama Günüň gündogar çetinde bolup geçdi. Bu hadysa häzirlikçe Ýer üçin howp salmaýar, ýöne alawlamanyň dörän ýeri birnäçe günden gönüden-göni Gün-Ýer liniýasyna ýakyn bolar. Eger hadysa täze işjeňligiň alamaty bolsa, onda geljek hepdäniň ortalaryndan Ýere göni zarbalar bolup biler” – diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň saýtynda aýdylýar.
“Ýönekeý göz bilen görünýän güýçli zyňyndylary bolan alawlamanyň, hakykatdanam, owadandygyny bellemek bolar. Energiýanyň bir bölegi Gün diski bilen saklanan bolsa gerek, şonuň üçin hakyky bal has ýokary bolup biler” – diýip, barlaghanada bellenildi.

Alawlamalar, adatça, Gün plazmasynyň zyňylmagy bilen bolup geçýär we onuň bulutlary Ýere ýeten ýagdaýynda magnit tupanlaryna getirip bilýär.


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...