Oguljahan Atabaýewa Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd bilen duşuşdy

  • 29.03.2025 12:21
  • 13k+

28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd bilen duşuşdy. Myhman gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamyň iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen we eýran halklaryny taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň umumylygy birleşdirýär. Şunda ynsanperwerlik, ahlak terbiýesi, mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere iki ýurduň halklary hem uly hormat-sarpa goýýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri täze taryhy döwürde bu asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň mysalydyr. Şunda gazna tarapyndan ýeňil bolmadyk durmuş ýagdaýyna düşen çagalaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine, olaryň jemgyýete goşulyşmaklaryna, özbaşdak durmuşa taýýarlanylmagyna gönükdirilen goldaw-kömekleriň berilýändigine üns çekildi.
Duşuşygyň dowamynda goňşy döwletiň ýol we şäher ösüşi ministri gaznanyň milli we halkara derejede alyp barýan işleriniň ähmiýetini belläp, bu işleriň sebitde hem-de dünýäde ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýtdy.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....