Kembrijde patyşa Artur hakyndaky orta asyra degişli seýrek golýazmany okamak başartdy

  • 29.03.2025 12:01
  • 4k+

Kembrij uniwersitetiniň barlagçylary 2019-njy ýylda uniwersitetiň kitaphanasyndan tapylan orta asyr golýazmasynyň bir böleginiň manysyny açdylar. Ol Hantingfild mülkünden alnan XVI asyra degişli resminamalaryň arasyna çatylypdyr. Alymlar üstünden 500 ýyldan gowrak wagt geçen hata düşünmek üçin iň täze tehnologiýalary ulandylar.

Bu bölek fransuz Suite Vulgate du Merlin-e degişlidir, ýagny patyşa Artur baradaky rowaýatlaryň dowamydyr.
Golýazma 1275–1315-nji ýyllara degişlidir we “Lanselot-Graal” sikliniň bir bölegidir. Biziň günlerimize şeýle tekstleriň 40-dan gowragy gelip ýetipdir we olaryň hersi özboluşlydyr. Bu bölüm ilkibaşda ser Gaweýn hakyndaky  XIV asyra degişli hekaýa hasaplandy, ýöne derňew onuň Merliniň öňki hekaýalary bilen baglanyşyklydygyny görkezdi.
Bölegiň mazmunynda iki sahna bar. Birinjisi Kambenigiň etegindäki söweşe bagyşlanýar, şonda Lot patyşa, onuň ogullary we Gaweýn sakson hökümdarlary bilen söweşýär. Ikinjisi Arturyň köşgündäki arfaçynyň eşigini geýen Merliniň peýda bolşuny suratlandyrýar.

Tekst Normand ýeňşinden soň iňlis asylzadalarynyň dili bolan köne fransuz dilinde ýazylypdyr.
Gowy saklanmandygy we juda portdygy sebäpli golýazma sanly usullar – multispektral surata alyş, 3D skaner we kompýuter tomografiýasy arkaly öwrenildi. Bu tehnologiýalar asyl nusgasyna zeper ýetirmezden, teksti dikeltmäge mümkinçilik berdi. Multispektral wizuallaşdyrma tekstiň görünmeýän bölümlerini okamaga mümkinçilik berdi. Skanirleme jildiň tikinlerini we içki gurluşyny ýüze çykardy. 3D modelleme golýazmany wirtual “açmaga” we ony asyl görnüşinde döretmäge kömek etdi.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....