Tesla resmi taýdan Saud Arabystanynyň bazaryna girýär

  • 29.03.2025 11:57
  • 5.7k+

Tesla Saud Arabystanynda resmi taýdan satuwa başlamak üçin taýynlyk görýär. Açylyş çäresi 2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Er-Riýad şäherinde Bujairi Terrace meýdançasynda geçiriler diýip, kompaniýanyň web sahypasyndaky maglumatlara salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär.

Çärä gelen myhmanlara Tesla elektromobilleri, öýde zarýad beriş tehnologiýalary, awtonom dolandyryş ulgamy we Gün energiýasy bilen baglanyşykly tehnologiýalar görkeziler.
Şeýle-de kompaniýa Optimus atly gumanoid (adam şekilli) robotyny we sürüjisiz taksi ulgamy bolan Cybercab-y hödürlär. Myhmanlar Tesla-nyň hünärmenleri bilen duşuşyp, ulaglary ýurtda nädip satyn alyp bolýandygyny we ulanmalydygyny öwrenip bilerler.
Tesla-nyň Saud Arabystanynyň bazaryna girmegi ýerli ilatyň arasynda oňyn garşy alyndy. Köp adam brendiň patyşalyga gelmegine uzak wagtdan bäri garaşýardy. Ilon Maskyň brendiniň elektromobilleri köpden bäri Ýakyn Gündogaryň käbir ýurtlarynda satylýar, emma ol häzire çenli Pars aýlagynyň iň uly bazary bolan Saud Arabystanynda resmi ýagdaýda elýeterli däldi.
Tesla Ýewropada elektromobilleriniň satuwynyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şeýle-de kompaniýanyň baş direktory Ilon Maskyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň geňeşçisi wezipesine geçeninden we Hökümet netijeliliginiň departamentiniň ýolbaşçysy wezipesine (DOGE) bellenilenden soň, ABŞ-da giň gerimli protest (närazylyk bildirmek) tolkunlary döredi. Mask bellenen wezipesinde federal hökümetiň işgärleriniň sanyny azaltmak syýasatyny amala aşyrdy.
Yklymda elektromobilleriň umumy hasaba alnyşy artan hem bolsa, Tesla-nyň satuwy we bazardaky paýy şu ýyl Ýewropada pese gaçdy. Ýewropanyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasynyň (ACEA) maglumatlaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri, Maskyň brendiniň Ýewropadaky satuwy 42,6% pese düşdi.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......