NASA Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky DOGE-yň çözgüdi bilen çykdajylary $420 mln azaltmaly boldy

  • 29.03.2025 16:27
  • 5.9k+

NASA 420 mln dollarlyk şertnamalaryny ýatyrmaga mejbur boldy. Bu federal çykdajylary azaltmak üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan döredilen Hökümet netijeliliginiň departamentiniň (DOGE) çözgüdi bilen baglanyşyklydyr.

Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky DOGE giň ygtyýarlyklara eýe.
NASA-nyň metbugat sekretary Betani Stiwensiň aýtmagyna görä, býujetiň azaldylmagy salgyt töleýjileriň serişdelerini esasy taslamalara gönükdirmäge we agentligiň esasy wezipelerini saklamaga mümkinçilik berer, ýöne DOGE-yň şeýle çözgütleriniň hakyky netijeliligi aç-açanlygyň ýoklugy sebäpli şübheli bolup galýar. Bilermenler agentligiň köp maksatnamalarynyň howp astynda bolup biljekdigini belleýär.  
Ýatyrylan şertnamalaryň arasynda “üýtgemeleri dolandyrmak boýunça hyzmatlary” hödürleýän üç sany konsalting kompaniýasy bilen 45 mln dollarlyk şertnamalar bar.
Maglumatlar DOGE-yň talap edýän tygşytlylygynyň, köplenç, has ýokarydygyny görkezýär. Mysal üçin, NASA-nyň 17 şertnama boýunça tygşytlamaly bolan 44,5 mln dollaryndan diňe 26,1 mln dollar tygşytlandy, sebäbi galanlary eýýäm tölenipdi. Öň DOGE aslynda birnäçe esse az bolan milliardlarça dollarlyk tygşytlamalar barada hasabat beripdi: 8 mlrd dollarlyk şertnama bary-ýogy 8 mln dollarlyk bolup çykdy.
NASA-nyň býujetiniň azaldylmagy işden çykarmalary alyp barýan FDA we NOAA ýaly beýleki agentliklerde üýtgeşmeleriň bolýan döwründe bolup geçýär. Ýanwar aýynda NASA köpdürlülik we inklýuziwlik meseleleri boýunça bölümi ýapdy, ýöne 2023-nji ýylda agentlik bu ugurda iň gowy iş berijileriň biri hasaplanypdy. Häzirlikçe şertnamalary ýatyrmagyň NASA-nyň haýsy taslamalaryna täsir etjekdigi belli däl. 420 mln dollar tygşytlylygy gazanmak üçin, birnäçe uly maksatnamalar ýa-da köp sanly ownuk başlangyç ýapylyp bilner.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......