Hindi ummanynda Konýuhowyň suw süýjediji enjamy döwüldi: agyz suwuny ol indi eli bilen toplaýar

  • 29.03.2025 06:01
  • 9.3k+

Rus syýahatçysy Fýodor Konýuhow kürekli gaýykda özbaşdak Hindi ummanyndan syýahatyny dowam edýär. Täzelikde onuň gaýygyndaky elektrik bilen işleýän suwy süýjediji (agyz suwuna öwrüji) enjamy hatardan çykdy. Indi ol el bilen işledilýän ýörite enjamda süýjütmeli bolýar. Bu barada ekspedisiýanyň ştabynyň Telegram kanalynda habar berildi.

Konýuhow Günorta Amerikadan Awstraliýa tarap ýüzýär. Ol eýýäm 111 gün bäri suwda syýahat edýär.
Duzly suwy agyz suwuna öwürýän enjamyň döwülmegine çyglylyk, kondensat we deňiz suwy sebäp boldy. Olar enjamyň kontaktlaryny we birikdirijilerini köneltdi. Aslynda, bu enjam bu hili şertler üçin niýetlenilmändi – ol gury we gowy ýelejiredilýän ýerde işledilmelidi.

«Gaýykda gury ýer ýok – Fýodoryň aýtmagyna görä, özüňi hemişe çygly gowakda ýaly duýýarsyň. Kondensat üçekden we diwarlardan syrygyp akýar, gaýyk agdarylansoň, deňziň suwy (gaýygyň düýbünde hemişe az mukdarda bolýar) ähli korpus boýunça ýaýraýar, hatda nawigasiýa enjamlaryna, aragatnaşyk enjamlaryna we suw süýjedijä-de girýär» — diýip, ekspedisiýanyň ştaby maglumat berýär.

Indi Konýuhow ilkinji gezek el bilen işledilýän «Survivor» suw duzsuzlandyryjysyny ulanýar. 1 litr suw almak üçin, oňa 550 gezek basmak zerur.

«Onuň adynyň özi – Survivor (diri galan) – köp zady aýdýar, eger-de siz bu enjamy ulanýan bolsaňyz, diýmek ýagdaýyňyz o diýen öwerlik däl» — diýip, Konýuhowyň ştaby belleýär.

Syýahatçy her 2-3 gün üçin, 3-4 litr süýji suw toplamagy meýilleşdirýär.
Awstraliýa çenli entek 5,3 müň kilometr ýol bar. Häzirlikçe onuň 30 litr süýji suwy bar. Bu bolsa her gün üçin, 1 litr ätiýaçlyk suw diýmegi aňladýar.
Mundan ozal Konýuhow we uçarman Igor Potapkin ilkinji gezek Arktikanyň üstünden motoparaplan bilen uçup geçipdiler. 440,51 kilometrlik uçuş 10 sagat 13 minut dowam edipdi. Uçuş 267-835 metr beýiklikde amala aşyrylypdy. Ortaça tizlik bolsa sagatda 47 kilometr bolupdy.


düýn 01:05
3.8k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......