Angliýanyň hökümeti syýahatçylyk salgydyny girizmegi meýilleşdirýär

  • 29.11.2025 21:19
  • 2.5k+

Angliýanyň hökümeti otellerde, myhman öýlerinde we beýleki ýerleşilýän jaýlarda galýan myhmanlar üçin syýahatçylyk salgydyny girizmäge taýýarlanýar. Ýolbaşçylar häkimlere şeýle tölegi kesgitlemäge hukuk bermegi meýilleşdirýär.

Alnan serişdeleri jemgyýetçilik ulaglarynyň ösüşine, infrastrukturanyň täzelenmegine we syýahatçylyk pudagynyň goldawyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Bu başlangyç eýýäm köpden bäri Londonyň häkimi Sadik Hanyň we Mançesteriň häkimi Endi Bernhemiň üns merkezinde dur.
Eger çözgüt kabul edilse, ulgam Şotlandiýanyň we Uelsiň tejribesine ýakynlaşar, bu ýerde şeýle ýygymlar eýýäm indiki ýyl hereket edip başlaýar. Şeýle çemeleşme Nýu-Ýorkda, Parižde we Milanda hem hereket edýär.
Geçen ýylyň maglumatlaryna görä, daşary ýurt syýahatçylary Beýik Britaniýa boýunça, takmynan, 42,6 mln syýahaty amala aşyrdy, takmynan, 32,5 mlrd funt sterling sarp etdi we ýurtda 293 miliondan gowrak gije geçirdi.
Täze salgyt 2028-nji ýyldaky futbol boýunça Ýewropa çempionatyna has gowy taýýarlanmaga we köp hereketli şäher ýerleriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga kömek eder diýlip garaşylýar.
Kärhanalar, ýerli ýaşaýjylar we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar salgyt mehanizmi boýunça 12 hepdelik maslahatyň çäklerinde öz pikirini aýdyp biler.
Çäre ýurduň iň uly şäherleriniň biri bolan Birmingemdäki ýagdaýyň gaýtalanmak ähtimallygyny peseltmegiň usuly hökmünde-de görülýär. 2023-nji ýylda bu şäher öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýändigini aýdyp, bankrot bolandygyny yglan edipdi.


10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7.1k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......