Iki hepdede 66,3 mln tomaşa: “Ýetginjeklik döwri” Netflix-iň iň köp görülýän mini-serialy boldy

  • 28.03.2025 19:13
  • 4.6k+

“Ýetginjeklik döwri” (Переходный возраст) mini-serialy Netflix-de iki hepdede tomaşa sany boýunça rekord goýdy. Variety neşiriniň habar bermegine görä, seriala 66,3 mln gezek tomaşa edildi.

Soňky hepdede serial 42 mln tomaşa ýygnady. Ol relizinden soňky 11-nji günde mini-seriallaryň arasynda rekord goýdy diýip, Deadline belleýär.
Häzir “Ýetginjeklik döwri” Netflix-iň iň meşhur seriallarynyň onlugyna girip biler. Onunjy orny 91 günde 93,8 mln tomaşa bilen “Brijertonlaryň” ikinji möwsümi eýeleýär. Filip Barantininiň serialyna “Brijertonlaryň” yzyndan ýetmek üçin 27,5 mln tomaşa ýygnamak galdy.
“Ýetginjeklik döwri” synpdaşynyň ölümi üçin tussag edilýän mekdep okuwçysy barada gürrüň berýär. Serial jenaýata getiren psihologik we sosial ýagdaýlary derňeýär, ýetginjekleriň arasynda aýal-gyzlara bolan ýigrenç, sosial ulgamlaryň täsiri we terbiýe meseleleri ýaly mowzuklara degip geçýär.
Ssenariçi Jek Torn çagalara sosial ulgamy ulanmagy gadagan etmelidigini belleýär. Ol internetde “hakyky erkegiň” nähili bolmalydygy barada ýaýraýan zyýanly düşünjeleriň derejesi bilen baglylykda alada bildirdi. 


şu gün 12:14
269

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....