Wýetnam syýahatçylygy dikeltmek boýunça goňşularyndan öňe geçdi

  • 28.03.2025 15:39
  • 4.5k+

Wýetnam Günorta-Gündogar Aziýanyň iň çalt ösýän syýahatçylyk nokadyna öwrüldi we meşhurlygy boýunça üçünji orny eýeledi diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär. Milli syýahatçylyk müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, geçen ýyl ýurda 17,5 million daşary ýurtly syýahatçy barypdyr.

Syýahatçy kabul etmek boýunça sebitiň liderleri Tailand (35 million myhman) we Malaýziýa (25 million myhman) bolsa-da, Wýetnam pandemiýadan soň syýahatçylygy dikeltmekde olardan öňe geçdi. Ýurt 2019-njy ýyldaky syýahatçy akymynyň 93%-ini täzeden gazandy. Bu görkeziji Tailandda 87,5%, Singapurda bolsa 86%.
2025-nji ýylyň başyndan bäri, Wýetnam, takmynan, 4 million syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30,2% köpdür.
Syýahatçylaryň sanynyň çalt ösmeginiň esasy sebäpleri, ýurtda syýahat etmegiň amatlylygy, 2023-nji ýylda girizilen we 90 güne çenli galmaga mümkinçilik berýän elektron wiza ulgamy hem-de wiza talap edilmeýän ýurtlaryň sanawynyň giňeldilmegidir. Bu sanawa Germaniýa, Fransiýa, Russiýa we Ýaponiýa girýär. Şeýle-de Wýetnamda meşhur myhmanhana torlary iş alyp barýar, bu hem syýahatçylaryň sanynyň artmagyna goşant goşýar.


düýn 21:38
4k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

düýn 12:02
5.4k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......