Ilon Maskyň Grok çat-boty Telegram-da elýeterli boldy

  • 28.03.2025 12:50
  • 3.4k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen emeli aňa esaslanýan Grok çat-boty indi Telegram messenjerinde elýeterli boldy. Bu barada milliarder X sosial ulgamynda habar berdi.

Telegram-yň premium ulanyjylary çat-boty mugt ulanyp biler.
Messenjer işe girizilende çat-bot özüni şeýle tanadýar: “Men – Grok, çynlakaý we o diýen çynlakaý bolmadyk pikir alyşmalar üçin xAI-iň ösen gepleşik modeli… Başlamak we lezzet almak üçin ýönekeý habar iberiň!”.
Ilon Mask emeli aň pudagynda xAI startapynyň döredilendigi barada 2023-nji ýylyň iýul aýynda habar berdi. Şol wagt hem Grok neýroulgamy işlenip başlandy. Fewral aýynyň ortasynda onuň “dünýäde iň akylly EA hökmünde” görkezilýän üçünji wersiýasy çykdy. Ony okatmak üçin beýlekiler bilen bir hatarda X sosial ulgamyndan alnan maglumatlar ulanyldy. Işewür öz emeli aňynyň “X platformasy arkaly hakyky wagt režiminde maglumatlara elýeterlidigini, munuň bolsa beýleki programmalara garanda uly artykmaçlykdygyny”, şeýle-de sarkazm we gülki bilen tekstleri döredip bilýändigini aýdýar.
Grok çat-boty X platformasynyň hem premium ulanyjylary üçin elýeterlidir. EA-nyň öz saýty we ykjam goşundysy-da bar.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......