Dünýäniň iň uly känlerini surata düşüren awtor "Life Framer" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 28.03.2025 11:47
  • 6.5k+

«Life Framer’s Series Award» fotosurat bäsleşiginiň guramaçylary ýeňijini yglan etdiler. Londonyň abraýly platformasynyň baýragyny Lorenso Poli «Antroposen spirallary» atly suratlar tapgyry üçin aldy.

Bu baýrak daşky gurşaw meselelerine bagyşlanan suratlar üçin gowşurylýar.
Poli özüniň işlerinde uly göwrümli känleriň tebigata ýetirýän täsirini görkezmek üçin aerofotosuratlary ulandy. Ol Günorta Amerikanyň iň uly känlerinde peýda bolan «ýaralary» suratlandyrdy. Suratlar käte Dante Aligýeriň «Ylahy komediýasyndaky» dowzahyň dokuz tegelegini ýatladýar.

«Bu fotosurat gözlegi — adam gymmatlyklary we olaryň Ýere nähili täsir edýändigi baradaky şahsy oýlanmadyr. Ýewropaly arhitektor hökmünde, öz iş meýdanymy metafiziki wizual sungat bilen giňeldip, men 18 aýlap Günorta Amerikanyň magdançylyk sebitlerine syýahat edip, many gözledim» — diýip, Poli aýtdy.

Suratlar Çili we Peruda düşürildi – bu ýurtlarda mis we altyn gazyp almak ykdysadyýetde möhüm orny eýeleýär.
Suratlar tapgyry:


Dünýäniň iň uly mis känlerinden biri — Eskondida, Antofagasta, Çili


Altyn känі — La-Rinkonada, Peru


Mis känі — Sýerra-Gorda, Antofagasta, Çili


Dünýäniň iň uly açyk känі — Çukikamata, Atakama, Çili

Mis känі — Serro-Werde, Arekipa, Peru

şu gün 16:55
974

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

şu gün 15:06
782

Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi.......

şu gün 14:59
985

Mercedes-Benz işgärlerine sylag pullaryny bermegi yza süýşürmekçi we iş hepdesini uzaltmakçy

«Mercedes-Benz» işgärlere sylag pullaryny (premiýalaryny) geljek ýyla çenli yza süýşürmek kararyna geldi we goşmaça tölegsiz iş hepdesiniň dowamlylygyny artdyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu......

şu gün 10:00
2.9k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......