Xiaomi BMW-niň işgärlerini Ýewropadaky gözleg merkezine işe çekýär

  • 28.03.2025 12:22
  • 3.8k+

Xiaomi hytaý kompaniýasy Ýewropadaky gözleg merkezi üçin täze işgärleri işjeň çekýär. Bu merkez kompaniýanyň 2027-nji ýyla çenli daşary ýurt bazarlaryna çykmagy üçin taýynlyk görýär.

Reuters agentliginiň habaryna görä, bu merkeze BMW ýaly iri ýewropaly awtokonsernlerden eýýäm bäş sany hünärmen işe kabul edildi. Merkeze BMW-de 15 ýyl işlän we Williams hem-de Sauber toparlary bilen hyzmatdaşlyk eden Rudolf Dittrih ýolbaşçylyk eder. Täze gelen işgärleriň biri hem ozal BMW-de we Rolls-Royce-da işlän menejer Duşan Sarakdyr. Baş inžener wezipesine bolsa, BMW-niň öňki işgäri Ýannis Hellwig bellenildi – ol täze taslamalaryň işlenip düzülmegi we olaryň ulgam bilen birleşdirilmegi bilen meşgullanar.
Merkezde dizaýnerler hem-de dinamika boýunça inženerler üçin boş iş orunlary bar. Işgärler Mýunhende işe kabul edilýär, emma ofisiň takyk ýerleşýän ýeri entek mälim edilmedi. BMW we Xiaomi bu mesele barada žurnalistlere düşündiriş bermekden saklandy. «Reuters-iň» maglumatlaryna görä, merkez Xiaomi-niň modellerini Ýewropa bazaryna uýgunlaşdyrmak bilen meşgullanar.
Xiaomi 2026-njy ýylda maşgalalar üçin niýetlenen gibrid krossowerini çykarmagy meýilleşdirýär, onuň prototipi eýýäm synagdan geçirilýär.


04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

01.06.2026 10:57
3.1k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......