BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

  • 14.05.2026 07:27
  • 5.7k+

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar interýerini görkezdi.

Bu taslama diňe birje tüçjar baý müşderi üçin däl-de, eýsem uçuş wagtynda rahatlyga, özbaşdaklyga we işlemäge mümkinçilik gözleýän ýolagçylar toparyna niýetlenendir.

Taslama adaty dar göwrümli laýnerleri — mysal üçin, Airbus A321 ýa-da Boeing 737 uçarlaryny ulanmagy, ýöne olaryň salonyny dolulygyna üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Adaty 185–220 ornuň ýerine uçaryň içinde diňe 28 ýolagçyny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Şonuň netijesinde uçar uçup barýan kaşaň giňişlige öwrülýär: onuň öň böleginde bar, uly dynç alyş zolagy we esasy ýolagçy hem-de myhman üçin niýetlenen 14 sany aýry-aýry «studiýa» ýerleşýär.

BMW we Lufthansa Technik kompaniýalarynyň pikiriçe, şeýle format korporatiw saparlar, sport toparlary, sazandalar we beýleki toparlaýyn syýahat edýänler üçin laýyk gelýär. Interýer uçaryň öňünden tä yzyna çenli bitewi bir zolak hökmünde gurnalan bolup, bu salonyň adaty biznes-jetlerden has giň we açyk bolmagyny üpjün edýär.

Dizaýn BMW-niň özboluşly usulynda ýerine ýetirildi: ýumşak stil, arassa çyzyklar, asuda ýagtylyk gurşawy we ýokary hilli materiallar ulanyldy. Tehnologiýalar bolsa görünmez ýaly ýagdaýda gurnaldy — howany dolandyryş, yşyklandyryş we multimedia ulgamlary tekiz üstlerde gizlenen, şonuň üçin salon tehnika bilen doldurylan ýaly görünmeýär.


düýn 12:31
1.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.3k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....