Gurçuklar kosmosa ugraýar: olar garramagy haýallatmak mümkinçiligini öwrenmäge kömek eder

  • 28.03.2025 06:23
  • 4.7k+

Hytaý kosmos stansiýasy täze ýaşaýjylary – planariýalary kabul eder. Bu eýýäm 520 million ýyldan gowrak wagt bäri bar bolan kirpikli gurçuklardyr (Turbellaria). Olar böleklere bölünenden soň hem öz organlaryny, hatda beýnisini gaýtadan dikeldip bilýär. Alymlar agramsyzlygyň olaryň regenerasiýasyna nähili täsir edýändigine düşünmek isleýär.

Planariýalar biologiýada köp öwrenilýän obýektleriň biridir. Tejribe stansiýadaky ýörite şkafda geçiriler, bu ýerde eýýäm danio-rerio balyklary we drozofila siňekleri öwrenilýär.
Ähtimal, tejribäniň dowamynda alnan maglumatlar alymlara adamlarda garramak prosesini haýallatmagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga kömek eder.   


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
6.8k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......