Gymmat startaplara bolan isleg şu ýyl rekord derejede artdy

  • 27.03.2025 13:39
  • 2k+

2024-nji ýylyň birinji çärýegi entek tamamlanmanka, bahasy 1 milliard dollardan ýokary bolan startaplaryň umumy satuwy 54,5 milliard dollara ýetdi diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär.

Şu ýyl häzire çenli her biri 1 milliard dollardan gymmat bolan 11 sany startap satyldy. Geçen ýylyň şol döwründe diňe 2 sany startap 3,2 milliard dollara satylypdy.
Google kompaniýasy Wiz startapyny 32 milliard dollara satyn alýar. Şeýle-de mart aýynda ýene 3 sany uly geleşik baglaşyldy: SoftBank kompaniýasy Ampere Computing-i 6,5 milliard dollara; Scopely Niantic-iň oýun bölümini 3,5 milliard dollara; PepsiCo bolsa Poppi gazlandyrylan içgiler brendini 2 milliard dollara satyn alýar. Emeli aň pudagynda hem 4,5 milliard dollarlyk iki uly geleşik baglaşyldy.
Öňki düzgünler kompaniýalaryň birleşmegini kynlaşdyrýardy. Emma indi bazar janlandy, häzirki wagtda maýadarlar ellerindäki pullary peýdaly taslamalara gönükdirýärler we emeli aň bilen baglanyşykly maýalaryny artdyrýarlar.
Şeýle-de bolsa, ähli startaplar bu ýagdaýdan peýdalanyp bilmeýär. Tehnologiýa startaplarynyň bazarynda kapitalizasiýasy 1 milliard dollardan ýokary bolan 1000-den gowrak kompaniýa bar, ýöne olar entek alyjy tapmadylar we IPO geçirmek üçin taýýarlyk görmeýärler.

düýn 22:44
1.5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
5.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.5k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....