Google taryhyndaky iň uly geleşigi baglaşdy: kompaniýa Wiz-i 32 mlrd dollara satyn alýar

  • 21.03.2025 06:26
  • 2k+

Google kompaniýasy bulut howpsuzlygy boýunça ýöriteleşen Wiz atly startapy satyn alýandygyny resmi taýdan habar berdi. Geleşigiň bahasy 32 milliard dollar bolup, töleg nagt görnüşde amala aşyrylar. Bu satyn alyş Google-yň taryhyndaky iň uly geleşik bolar diýip, «TechCrunch» neşiri ýazýar.

Wiz garaşsyz platforma bolmagynda galar we diňe Google Cloud bilen çäklenmän, eýsem ähli bulut hyzmatlaryny üpjün edijiler bilen işleşer. Resmi däl maglumatlara görä, häzirki wagtda Wiz-iň ýyllyk girdejisi, takmynan, 700 million dollar.
Häzirki wagta çenli tehnoägirt tarapyndan amala aşyrylan iň uly satyn alyş 2011-nji ýylda bolupdy. Şol ýyl Google Motorola Mobility kompaniýasyny 12,5 milliard dollara satyn alypdy.
Resmi däl maglumatlara görä, Google geçen ýyl Wiz-i satyn almak üçin 23 milliard dollar teklip edipdir, emma gepleşikler netije bermändir.
Google Wiz-i satyn almak bilen, bulut hyzmatlaryndaky ornuny berkitmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda bu ugurda kompaniýa AWS we Microsoft Azure ýaly bäsdeşlerinden yza galýar. Şeýle-de howpsuzlyk çözgütleri boýunça Google-da birnäçe önüm bar bolsa-da, olaryň hiç birem Wiz-iň gerimi bilen deňeşdirerlik däl. Wiz-iň işi çalt depginde ösýär: geçen ýyl kompaniýanyň girdejisi 500 million dollardan geçdi we şu ýyl onuň iki esse artmagyna, ýagny 1 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.


17.05.2026 09:49
2.2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.3k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

13.02.2026 10:58
3k+

Google käbir işgärlerine «öz islegi bilen» işden gitmegi teklip etdi

Google özüniň «Global Business Organization» (GBO) bölüminiň işgärleriniň belli bir bölegini meýletin işden gidermek maksatnamasyna başlaýar. Bu barada kompaniýanyň täjirçilik direktory Filipp Şindleriň gulluk hatyny öwrenen Business Insider neşiri mälim etdi...