PepsiCo 1,95 mlrd dollara “Poppi” gazlandyrylan içgileriň brendini satyn alýar

  • 22.03.2025 10:29
  • 3.2k+

PepsiCo amerikan kompaniýasy 1,95 mlrd dollara funksional gazlandyrylan içgileriň brendi “Poppini” satyn alýandygyny yglan etdi. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy göz öňünde tutulýan 300 mln dollar salgyt töleglerini öz içine alýar. Aslynda, şertnamanyň arassa bahasy 1,65 mlrd dollara barabar. Eger Poppi kesgitlenen netijelilik görkezijilerine ýetse, goşmaça töleg hem göz öňünde tutulýar.
Agentligiň belleýşi ýaly, funksional gazlandyrylan içgilere bolan isleg artýar, çünki olaryň düzüminde şeker az bolup, prebiotikleri, probiotikleri we iýmit süýümlerini öz içine alýar. Poppi içgileri miwe suwlarynyň we alma sirkesiniň ulanylmagy bilen öndürilýär, olarda şekeriň düzümi bolsa bir paý üçin 5 gramdan geçmeýär.

“Sarp edijiler özleriniň durmuş ýörelgelerine we saglyga hem özüňi duýşuňa bolan gyzyklanma laýyk gelýän amatly we tagamly önümleri gözleýär” – diýip, PepsiCo-nyň baş direktory Ramon Laguarta belleýär. 

Poppi brendiniň satyn alynmagy PepsiCo-nyň peýdaly önümleriň assortimentini giňeltmek boýunça strategiýasynyň bir bölegidir. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda kompaniýa 1,2 mlrd dollara Siete Foods snek öndürijisini satyn almak meýilnamalary barada yglan etdi, noýabr aýynda bolsa Ýakyn Gündogaryň tagamlaryny öndürýän Ysraýylyň Sabra Dipping Co. kompaniýasynda galan 50% paýy satyn alandygyny habar berdi.

düýn 20:25
3.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......