31 ýaşly hytaýly 3300 km ýoly pyýada söküp, tanalmaz derejä gelipdir

  • 26.03.2025 18:45
  • 24k+

Sosial ulgamlarda Liqi hökmünde tanalýan 31 ýaşly hytaýly adam Hubeý welaýatyndaky Szinçžou şäherinden Tibetdäki Lhasa çenli pyýada syýahatyny tamamlady. Ol 3300 km ýoly söküp, dürli kynçylyklary başdan geçirdi. Haçan-da öýüne dolanyp gelende, hemmeleri özüniň daşky keşbi bilen haýran galdyrdy diýip, Jiupai News ýazýar.

Liqi öz syýahatyna geçen ýylyň 6-njy aprelinde başlady we 11-nji martda bellenen nokada ýetdi. Ol zerur zatlary bilen iki tigirli arabany özi bilen çekip, pyýada ýöredi. Onuň ýoly beýik dag gerişlerinden geçýärdi. Ol öz ýolunda taýfuny, güýçli tupanlary we yzygiderli garyň ýagmagyny başdan geçirdi. Iki gezek ýabany möjeklere duş geldi. Bir gezek bolsa onuň arabasy suwly ganawa gaçdy we onuň tigirleri döwüldi. Netijede, ol ýoluny süýräp dowam etdirmeli boldy.
Öýe gelenden soň, Liqi öz ýakynlaryny haýran galdyrdy, ony hiç kim tanamady. Sosial ulgamlary ulanyjylar ýowuz howa şertleriniň, fiziki ýadawlygyň we esasy arassaçylyk serişdeleriniň uzak wagtlap bolmazlygynyň ony 10-20 ýyl garradandygyny belledi.
Kynçylyklara garamazdan, Liqi-niň wakasy köpleri ruhlandyrdy. Internet auditoriýasy onuň edermenligini ruhy güýjüň we arzuwa wepalylygyň nyşany diýip atlandyrdy. 


düýn 16:31
3.2k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......