Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen gutlady

  • 26.03.2025 12:31
  • 9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň ynsanperwerligi, sahawatlylygy hem-de ýagşylygy dabaralandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli gutlady.

"Pespälligi mylaýymlyk, kanagaty sahylyk, päkligi asyllylyk, bilimi danalyk, dogruçyllygy hoşamaýlyk, ýagşylygy jomartlyk, gülerýüzlüligi dostluk hasaplan ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň ulgamynda nusgalyk maddy we ruhy hazynalary, milli däpleri, ynanç-adatlary, belent ruhy-ahlak ýörelgelerini hem-de taglymatlaryny döredipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gymmatly genji-hazynanyň gadyr-gymmaty has-da ýokary derejä çykyp, adamzady doganlaşdyrýar, geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýär. Jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, şol bir wagtyň özünde-de nesillerde milli buýsanjy pugtalandyrýar. Bu gymmatlyklaryň arasynda beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy bolan Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň dessurlary aýratyn orny eýeleýär. Ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda bolşy ýaly, olar biziň günlerimizde hem musulman dünýäsi bilen birlikde mynasyp dowam etdirilýär" diýlip gutlagda aýdylýar.

"Döretmek we gurmak biziň ähli ösüşlerimiziň, täze belentliklerine tarap öňe hereket etmegimiziň hem-de berkarar döwletliligimiziň ýoludyr. Beýik pederlerimiziň iň belent we asylly arzuwlaryndan kemala gelen bu ýol bizi bagtyýar durmuşa ýetirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bu ýola eýerip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny berkidýäris, giň gerimli, okgunly, tutumly işleri üstünlikli amala aşyryp, Watanymyzyň pajarlap ösüşini üpjün edýäris. Döredijilikli zähmetimiz, eziz Diýarymyza bolan beýik söýgimiz, onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalarymyz esasynda ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrýarys. Berkarar Watanymyzyň kuwwatynyň artmagynyň, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagynyň bähbidine gönükdirilen önümçilik, inženerçilik we durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obadyr şäherleriň gurluşyklaryny depginli dowam etdirýäris" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

"Sizi mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edýän tagat-ybadatlaryňyz, agzybirligimiz we abadançylygymyz, dünýäde abraýy barha belende galýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň berkararlygy, rowaçlygy üçin edýän doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!" diýip, döwlet Baştutany jemleýär.


düýn 00:03
3.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......