NASA Boeing-e ýene bir mümkinçilik berer: 2026-njy ýylda Starliner-iň indiki uçuşy meýilleşdirilýär

  • 26.03.2025 12:12
  • 1.8k+

NASA şowsuz synanyşykdan soň, Boeing-iň Starliner gämisine ýene bir mümkinçilik bermek kararyna geldi. Bu barada Spacenews.com çeşmesi habar berýär.

2024-nji ýylyň iýun aýynda Starliner astronawtlar Batç Uilmor bilen Sunita Uillýamsy Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) eltdi, ýöne hereketlendirijisiniň näsazlygy we geliý gazlarynyň syzmagy ekipažy meýilleşdirilen sekiz günüň ýerine dokuz aýlap stansiýada alyp galdy. Ýakynda olar SpaceX-iň Crew Dragon kapsulasynda Ýere getirildi.
Indi Boeing hereketlendiriji ulgamy kämilleşdirmegiň üstünde işleýär. NASA-nyň täjirçilik uçuşlary programmasynyň ýolbaşçysy Stiw Stiç indiki pilotsyz uçuşyň bu üýtgeşmeleri synagdan geçirjekdigini aýtdy. Üstünlikli bolan ýagdaýynda, Starliner Crew Dragon bilen deň hatarda HKS-yň ekipažyny äkidip-getirmäge gatnaşyp biler.
2014-nji ýylda NASA HKS-a daşamaga ukyply kosmos gämisini gurmak üçin Boeing-e 4,3 milliard dollar we SpaceX-e bolsa adamlary 2,6 milliard dollar bölüp berdi. SpaceX bu işi üstünlikli ýerine ýetirip, 10 sany şowly missiýany ýerine ýetirdi, Boeing-iň bolsa iki uçuşy-da şowsuz boldy.

Starliner-iň şowsuzlygyndan soň, NASA wagtlaýynça diňe SpaceX -e bil baglady. Mysal üçin, mart aýynda Crew-10-yň ekipažyny HKS-a hut Crew Dragon eltdi.
Näme üçin NASA Starliner-den ýüz öwürmeýär?
Sebäbi, agentlik diňe SpaceX-e baglanyp galmagy islemeýär.
NASA-da: "Iki hususy kosmos gämisi bir üpjün edijä garaşlylygy azaldar" -diýýärler.
Indi Boeing hereketlendiriji bilen bagly meselelerini düzedip, Starliner-iň kosmosda ygtybarlylygyny subut etmeli.
Eger 2026-njy ýylda geçiriljek synaglar üstünlikli bolsa, Boeing adam tarapyndan dolandyrylýan uçuşa rugsat alar. Bu kompaniýa şertnamany ýerine ýetirmäge we HKS üçin ikinji daşaýjy bolmaga mümkinçilik berer. NASA düzedilen Starliner-iň Crew Dragon bilen bäsleşip biljekdigine ynanýar. Uçuşyň takyk senesi häzirlikçe  synaga bagly.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....