Türkmen talyby "CloudFest 2025" halkara bäsleşiginde I orna mynasyp boldy

  • 25.03.2025 12:57
  • 7.8k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gowşut Akmyradow CloudFest 2025 halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdi. Çäre 17–20-nji mart aralygynda Germaniýanyň Rust şäherinde geçirilen serginiň çäklerinde boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Gowşut «Bank plastik kartlary arkaly pul geçirilişini amala aşyrýan «Sanly_birlik» kömekçi programma üpjünçiliginiň mümkinçilikleri» atly ylmy işini hödürledi. Eminler taslamany ýokary bahalandyryp, ony «Innowasion maliýeler we elektron hasabatlylyk» ugrunda ýeňiji diýip yglan etdiler. Bäsleşigiň guramaçylary oňa diplom we ýadygärlik sowgat gowşurdylar.
Gowşut Akmyradow kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
CloudFest 2025 innowasion tehnologiýalar ugurly abraýly ýaşlar bäsleşikleriniň biri hasaplanýar. Şu ýyl ol dünýäniň 34 ýurdunyň zehinli ýaşlaryny özünde jemledi.
Bäsleşik bäş ugur - emeli aň, robototehnika we kibernetika, bulut tehnologiýalary, innowasion maliýeler we elektron hasabatlylyk, tor we internet howpsuzlygy boýunça geçirildi.


şu gün 10:02
1.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
1.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....